ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Owganystan baradaky duşuşygy Gazagystanyň Astana şäherinde geçirildi.
Kongo gyzzyrmasy 2023-nji ýylyň başyndan bäri Owganystanyň 32 welaýatynda 47 adamyň ölmegine sebäp boldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda owgan krizisiniň diňe sebit arkaly we Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen çözülip bilinjekdigini aýtdy.
Türkmen gazy Owganystanyň üsti bilen Pakistana hususy türkmen kompaniýasy tarapyndan daşalýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň bäşinji ýygnagyny Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Eýran, Russiýa, Hytaý we Päkistanyň Owganystan barada Samarkantda geçirilen ikinji dört taraplaýyn duşuşygy barada jikme-jik maglumat berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Owganystana gyssagly kömek berilmegini isledi.
Maliýe ýetmezçiligi BMG-nyň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Owganystana berýän kömegini azaltdy.
Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň bu ýurtda durnuklylyga, parahatçylyga we gülläp ösmegine kömek etmek üçin hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy nygtady.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, 20 ýyllyk basyp alyşlygy we Amerikanyň Owganystandan jogapkärçiliksiz çykarylmagyny bu ýurduň problemalarynyň sebäbi hasaplady.