-
TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI SEULUŇ “2022-IMPORT HARYTLARYŇ SERGISINDE” GÖRKEZILDI
Jun 24, 2022 06:0023-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022-Import harytlaryň sergisiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär.
-
TÜRKMENISTAN ÝER TITREME HELÄKÇILIGINE UÇRAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER
Jun 24, 2022 05:572022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary bilen onlaýn duşuşygy geçirildi
Jun 22, 2022 16:552022-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
-
Wena şäherinde "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen onlaýn formatda sebitleýin maslahat geçirildi
Jun 22, 2022 16:472022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Wena şäherinde "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen onlaýn formatda sebitleýin maslahat geçirildi. Bu maslahat, Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekiliýeti tarapyndan ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça edarasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde gurnaldy.
-
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidentini kabul etdi
Jun 22, 2022 15:042022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebitleýin Sammitiň işine gatnaşýar
Jun 18, 2022 03:282022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Almaty şäherinde «COVID-den azat - Merkezi Aziýada adalatly dikeldiş ýolunda» atly tema bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ikinji sebitleýin Sammit öz işine başlady.
-
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Çeh Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamynyň wekilleri göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler.
Jun 18, 2022 03:23Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde duran möhüm meselelere garadylar. Hususan-da wodorod energetikasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hukuk binýadyny ösdürmek, Söwda-senagat edaralarynyň we işewürleriň arasynda gatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
-
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bilen HHR-nyň Ilçisiniň arasyndaky duşuşyk
Jun 18, 2022 03:192022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistan bilen Tatarstanyň resmileriniň duşuşygy
Jun 17, 2022 10:21Türkmenistaniň Maliýe we Ykdysadyýet ministri, Tatarstanyň premýer-ministriň orunbasary we senagat we söwda ministri Alleg Korubçenko bilen Kazan şäherinde duşuşyp, gatnaşyklaryň ösmegi barada gürrüň etdi.
-
Galibaf: Serhet sebitleri, Eýran-Türkmenistan gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhüm mümkinçiliklerdir
Jun 16, 2022 03:38Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary milli, sebit we serhet derejesinde üç derejede giňeldip boljakdygyny aýtdy.