-
Türkmenistan we Şwesiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar
Nov 19, 2020 09:262020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň 8-nji duşuşygyna gatnaşdy
Nov 19, 2020 09:212020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň sekizinji duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
-
Türkmenistanyň Medeniýet ministri GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň 35-nji mejlisine gatnaşdy
Nov 19, 2020 09:172020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň ХХXV mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
-
Türkmenistan ýarag ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak prosesslerini goldaýar
Nov 19, 2020 09:14BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen geçen wideoşekilli maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy üçin halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň wajyplygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Howpsuzlygyň bitewi konsepsiýasynyň ilerledilmegi babatyndaky gyzyklanmasyny tassyklady.
-
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň täze bellenen Ilçisini kabul etdi
Nov 17, 2020 10:122020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Italiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
Nov 17, 2020 10:082020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi.
-
TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
Nov 13, 2020 19:292020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi.
-
Türkmenistanda üstaşyr hereket edýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýygymlaryň möçberi kesgitlenildi
Nov 12, 2020 09:23Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi.
-
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
Nov 12, 2020 09:1810-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti parahatçylykly owganara dialogyna gatnaşyjylar bilen gepleşikleri geçirdi
Nov 05, 2020 11:482020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi.