Türkmenistan - Owganystan demir ýolunyň açylyş dabarasy AVAwards 2017 bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i103-türkmenistan_owganystan_demir_ýolunyň_açylyş_dabarasy_avawards_2017_bäsleşiginiň_baýragyna_mynasyp_boldy
Aşgabada ýörite baýrak getirildi. Bu baýraga meşhur halkara bäsleşiginde türkmen multimediýa taslamasy mynasyp boldy. Bu taslama Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyşynda hödürlenildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 31, 2017 19:33 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan - Owganystan demir ýolunyň açylyş dabarasy AVAwards 2017 bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy

Aşgabada ýörite baýrak getirildi. Bu baýraga meşhur halkara bäsleşiginde türkmen multimediýa taslamasy mynasyp boldy. Bu taslama Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyşynda hödürlenildi.

Aşgabada ýörite baýrak getirildi. Bu baýraga meşhur halkara bäsleşiginde türkmen multimediýa taslamasy mynasyp boldy. Bu taslama Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyşynda hödürlenildi.

Bu demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-iýunynda doganlyk ýurtlaryň – Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berlendigini ýatlatmalydyrys. Trasmilli polat ýoluň -- Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçirildi.

Sebitleýin gatnaw ýollarynyň ösüşiniň taryhyna ýazylan bu wakanyň uly ähmiýeti meşhur AV Awards 2017 bäsleşiginiň abraýly baýragynda hem öz beýanyny tapdy. Bu bäsleşik her ýyl dünýäniň ähli künjeklerinden multimediýa senagatanyňy iň gowy taslamalaryny kesgitleýär. Sylaglamak dabarasy Londonda geçirildi we oňa dünýäniň 38 ýurdundan 1,5 müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy.

 Akina demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara görkezilen haýran galdyryjy ýokary tehnologiýaly şüweleň görnüşinde boldy. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen, iki ýurduň, geljekde bolsa uly sebitiň köp döwletleriniň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, olaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin täze mümkinçilikler dörediler.-Ýeňiş gazanan taslama Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň başlangyç tapgyryna öwrülen Atamyrat–Ymamnazar

Dabaraly çäräni geçirmek üçin Türkmenistanyň we Owganystanyň serhediň golaýynda bir müň orunlyk ýörite ägirt uly sekizgyraňly ak öýüň görnüşindäki ýörite tanyşdyryş çadyry guruldy. Çadyryň içi däp bolan türkmen gölleri görnüşinde bezeldi. Onuň şekilleri hatda daşky giňişligi hem gurşap alyp, göýä, wideoşekilleriň üçünji ölçegini döreden ýaly boldy. Şüweleňi has-da netijeli görkezmek maksady bilen 500 sany hereket edýän we şöhle saçýan sferadan ybarat şekiller döredildi.

Iki minutlyk şüweleňde wideoşekiller göýä heýkeller görnüşinde howada döredildi, olaryň şekilleri diwarlarda, polda hem-de potolokda peýda boldy. Ilki bilen damja peýda boldy, soňra şöhlelerden haly emele geldi. Halyda täsin göller peýda boldy. Soňra bularyň ählisi alyslara uzap gidýän demir ýola öwrüldi.

Roligiň özi däp bolan türkmen nagyşlary görnüşindäki ekranlarda görkezildi. Onuň şekilleri tutuş giňişligi gurşap aldy. Ol taryha, gadymy döwürlere, Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň geçen döwürlerine syndan başlandy. Ol üç bölekden ybarat boldy.

Onuň birinji böleginde Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ulag ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda gurlan desgalara syn berildi. Bu ýerde şeýle hem Türkmenistanyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň, Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýaly ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylyşy görkezildi. Wideoşekiliň bu görnüşiniň mazmuny häzirki döwürde Türkmenistanyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistiki merkezdigini aýdyňlyk bilen beýan edýär.

Roligiň esasy bölegi Aziýa halkara demir ýol geçelgesine, onuň sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetine bagyşlanýar. Taslama gatnaşýan döwletleriň täze bazarlara çykmak mümkinçiligine eýe bolýandygy, mundan başga-da, Owganystan üçin durmuş-ykdysady taýdan ösmek, täze şäherleri, kärhanalary gurmak, iş orunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy beýan edilýär. Türkmenistanyň esasy wezipesi bolsa goňşy ýurtlara dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Milli ykdysadyýet barada aýdylanda bolsa, täze ýol Lebap welaýatynyň senagat taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Şüweleň mahalynda wideokartada Aziýa demir ýol geçelgesiniň Hytaýa, Hindistana, Pakistanyň deňiz portuna çykmak arkaly açýan ýollary aýdyň görkezilýär. Bu ýollar Türkmenistany, Täjigistany we Owganystany birleşdirer.Wideoşekiliň şu böleginde Aziýa geçelgesine goşulmak arkaly yklymyň ýurtlarynyň ulag ulgamlaryny baglanyşdyryp biljek esasy ugurlar görkezilýär. Wideoroligiň üçünji böleginde demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar-Akina bölegi, onuň gurluşygynyň barşy, düzümleýin desgalary, Owganystana çekilen elektrik geçirijileri, nebit önümleri saklanýan terminalyň gurluşy barada gürrüň berilýär. Bu ýerde gürrüň täze polat ýol arkaly Lebapda öndürilýän sementi, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylýan önümleri we beýlekileri ibermegiň mümkinçilikleri barada barýar.

Atamyrat türkmen şäherinden Akina owgan şäherine çenli täze demir ýoly hem-de tutuş degişli düzümi gurmak işiniň diňe Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan alnyp barlandygy wajypdyr. Çölüň çylşyrymly şertlerinde bu ýoly özleşdirmek üçin uly tagallalar hem-de serişdeler gerek boldy, şeýle hem düzümiň desgalary, lokomotiw deposy guruldy, ätiýaçlyk we gapdal ýollar we beýlekiler abadanlaşdyryldy.

Türkmen ýol gurluşykçylarynyň işleden döwrebap tehnikalary hem-de enjamlary, işleriň sazlaşykly we çalt guralmagy bu geljegi uly taslamanyň durmuşa geçirilmegini ep-esli çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyna Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe goldaw berip geldi.

Halkara demir ýol gatnawlarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze polat ýollar içerki çäkleriň okgunly ösmegine ýardam edýär. Döwrüň görkezişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt özleşdirmäge hem-de rejeli peýdalanmaga ýardam etdi, Türkmenistanyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeledi.

Täze ýollar bilen birlikde çöllük ýerlere suw we elektrik togy gelýär, aragatnaşyk ulgamlary çekilýär, ýaşaýyş jaýlary hem-de durmuş maksatly desgalar gurulýar. Türkmen hünärmenleri şeýle hem Owganystanyň çäginde Ymamnazardan Akina çenli demir ýoluň bölegini çekdiler.

Uzynlygy 88 kilometr bolan ýoluň ugrunda 256 metre we 363 metre barabar iki sany uly köpri guruldy. Gülüstan we Ymamnazar menzilleri, täze beketler hem-de zerur tehniki we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi işe girizildi.

Iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, bilelikdäki täze düzümleýin taslamalaryň amala şyrylmagy owgan ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek iri durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerini üstünlikli çözmäge kuwwatly itergi berýär, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýär we umuman, Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsir edýär.

Sebitiň ýurtlarynyň çäginde Türkmenistan Owganystana demir ýollar arkaly gelip gowuşýan ýükleriň ählisiniň 75 göteriminiň ýetirilmegini üpjün edýär. Türkmenistandan iberilýän dürli ýükleriň möçberi hem artýar. Olaryň esasy bölegi nebit önümleri hem-de suwuklandyrylan gazdyr. Goňşy ýurda türkmen bugdaýy we bugdaý uny, karbamid we beýleki harytlar iberilýär.

 Ýuwaş umman-- Günorta Aziýa ugry boýunça örän möhüm halkara geçelgesine öwrüler. Sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer. Millionlarça adamlaryň bähbitlerine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat eder.-Beýik ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän bu ýol, nesip bolsa, berkarar döwletimiziň ulag-üstaşyr geçiriş kuwwatyny has-da artdyrar. Ýewropa-- Aziýa

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag pudagyny ösdürmek baradaky konsepsiýasyna laýyklykda, gysga wagtyň içinde iri halkara taslamalary durmuşa geçirildi. Şunuň netijesinde Türkmenistanda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny işe girizmek arkaly amatly hem-de howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredildi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär.

Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň işe girizilmegi bilen, Owganystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary üçin giň mümkinçilikler açylýar. Eýrana, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana we Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükleriň artdyrylmagyna amatly şertler döredilýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistany Ýewraziýa sebitinde «polat ýollaryň» uly çatrygyna, iri ulag-üstaşyr merkezine öwürýär.

Türkmenistanyň gurýan dostluk we hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara we sebit guramalarynyň derejesinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze ýollar Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitimiziň ornuny güýçendirýär.