Pakistanyň täze ilçisi Türkmeniň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri we Pakistanyň Aşgabatdaky täze ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Fars habar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä, "Raşid Meredow" we "Erfan Ahmad" iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Duşuşykda Pakistanyň ilçisi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Meredow bilen Ahmed iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky syýasy gepleşiklere ünsi çekip, muny Aşgabat bilen Yslamabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin itergi diýip atlandyrdylar.
Duşuşykda Pakistanyň ilçisi Şahadatnamasynyň bir nusgasyny Türkmen Daşary işler ministrine gowşurdy.