Ulag we logistika pudagynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10336-ulag_we_logistika_pudagynda_türkmenistan_bilen_gazagystanyň_arasyndaky_hyzmatdaşlyk_ösdürilýär
Türkmenistan we Gazagystan adam resurslaryny dolandyrmak, ulag kompaniýalarynyň işgärlerini kämilleşdirmek boýunça maglumat we tejribe alyşmak ugrundaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirýärler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 17, 2021 15:15 Asia/Ashgabat
  • Ulag we logistika pudagynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmenistan we Gazagystan adam resurslaryny dolandyrmak, ulag kompaniýalarynyň işgärlerini kämilleşdirmek boýunça maglumat we tejribe alyşmak ugrundaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirýärler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan Logistika Institutynyň we Gazagystanyň Logistika we Ulag Institutynyň wekilleri webinarda logistika hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we bilermenleriň arasynda pikir alyşmak üçin açyk platforma hökmünde iki ýurduň arasynda yzygiderli ýygnaklaryň geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Bu webinarda, taraplar haryt daşamak üçin iň amatly we tygşytly şertler we ykdysady işjeňligiň netijeliligi we birnäçe täze taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiligi üçin taýýarlyk çärelerini durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem, resminamada tejribe alyşmak we ýöriteleşdirilen seminarlary we okuw kurslaryny guramak we olara gatnaşmak, özara maslahat beriş, tegelek stol, tejribe we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň beýleki görnüşleri ýaly hyzmatdaşlygyň görnüşlerini hödürlenýär.