Türkmeniň prezidenti Pakistanyň täze ilçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň prezidenti we Pakistanyň Aşgabatdaky täze ilçisi TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy nygtadylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Pakistanyň Aşgabatdaky täze ilçisi Irfan Ahmed bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan halkara gaz turbageçirijisiniň (TAPI) gurulmagy uglewodorod çeşmeleri Günorta-Gündogar Aziýa uzak möhletleýin daşap, halkyň durmuş üpjünçiligine we parahatçylygy berkitmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Päkistanly diplomat hem Yslamabadyň bu taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegine, şeýle hem Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan Pakistana elektrik geçiriji liniýasynyň we şol ugurda süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň kesgitlenmegine gyzyklanma bildirmek bilen bu, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady bileleşigine goşant goşar diýdi.
Duşuşykda Irfan Ahmed Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy we Pakistanyň iki ýurduň arasyndaky gepleşikleri giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.