Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
(last modified Thu, 18 Feb 2021 11:35:34 GMT )
Feb 18, 2021 16:35 Asia/Ashgabat
  •  Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýurda iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Özbegiýanyň Daşary işler ministri Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda Merkezi Aziýada hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze sebit bazarlaryna girmek ücin düýp gurluşyklar we transport-telekommunikasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Özbegiýanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow we Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow 2021-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

Özbegistanyň we Türkmenistanyň resmileri sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Türkmenistany şu ýyl Özbegiýanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek "Merkezi we Günorta Aziýa: Sebitara integrasiýa, howplar we mümkinçilikler" atly halkara konferensiýasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan Özbegistanyň garaşsyzlygyny 1993-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ykrar etdi.

Tags