Türkmenistan bilen Ermenistanyň ykdysady diplomatiýasy
Feb 18, 2021 15:42 Asia/Ashgabat
Türkmen we Ermeni Söwda-senagat palatalarynyň işgärleri wideo konferensiýada dokma, gurluşyk we oba hojalygyndaky ykdysady gatnaşyklary ileri tutdular.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň senagat we aragatnaşyk ministri Baýmyrat Anna Muhammadow we Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň ýerine ýetiriji müdiri Wardanýan we iki ýurduň käbir resmileri ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň işgärleri önümçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada teklipler berdiler.
Türkmen we ermeni resmileri iki ýurduň söwda toparlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak barada şertnama baglaşdylar.