Türkmenistan bilen Ermenistanyň ykdysady diplomatiýasy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10354-türkmenistan_bilen_ermenistanyň_ykdysady_diplomatiýasy
Türkmen we Ermeni Söwda-senagat palatalarynyň işgärleri wideo konferensiýada dokma, gurluşyk we oba hojalygyndaky ykdysady gatnaşyklary ileri tutdular.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 18, 2021 15:42 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Ermenistanyň ykdysady diplomatiýasy

Türkmen we Ermeni Söwda-senagat palatalarynyň işgärleri wideo konferensiýada dokma, gurluşyk we oba hojalygyndaky ykdysady gatnaşyklary ileri tutdular.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň senagat we aragatnaşyk ministri Baýmyrat Anna Muhammadow we Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň ýerine ýetiriji müdiri Wardanýan we iki ýurduň käbir resmileri ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini bellediler. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň işgärleri önümçilik pudagynda hyzmatdaşlygy  ýola goýmak barada teklipler berdiler.

Türkmen we ermeni resmileri iki ýurduň söwda toparlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak barada şertnama baglaşdylar.