Türkmenistan Astrahana ynsanperwerlik kömegini iberýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10392-türkmenistan_astrahana_ynsanperwerlik_kömegini_iberýär
Türkmenistan dostlugyň alamaty hökmünde Russiýanyň Astrahan sebitine ynsanperwerlik kömegini iberdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 21, 2021 17:32 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Astrahana ynsanperwerlik kömegini iberýär

Türkmenistan dostlugyň alamaty hökmünde Russiýanyň Astrahan sebitine ynsanperwerlik kömegini iberdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow dostlugyň we hoşniýetliligiň alamaty hökmünde türkmen önümlerini Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitine ibermegi buýurdy.

Bu iberişde dermanlar we lukmançylyk enjamlary, azyk, dokma önümleri we beýleki harytlar bar.

Türkmeniň prezidenti resminama gol çekip, Aşgabat bilen Moskwanyň uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän gatnaşyklar, ak ýüreklilik we özara goldaw ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy.

Berdymuhamedow Russiýanyň sebitleri bilen göni aragatnaşyklaryň ösdürilmeginiň häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolan döwletara gepleşikleriniň esasy ugurlaryndan biridigini aýtdy.