TÜRKMENISTANYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILLERI ULAG HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10684-tÜrkmenistanyŇ_we_halkara_guramalaryŇ_wekilleri_ulag_hyzmatdaŞlygynyŇ_meselelerini_ara_alyp_maslahatlaŞdylar
2021-nji ýylyň 11-nji martynda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 13, 2021 21:12 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILLERI ULAG HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 11-nji martynda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň degişli agentlikleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň hem-de beýleki maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek, şol sanda serhetden geçiş tertiplerini ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak bilen bagly pikir alyşdylar. Duşuşugyň dowamynda, şu ýylyň 19-njy we 22-nji fewraly aralygynda hünärmenler derejesinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan sanitar-epidemiologiki nukdaýnazaryndan howpsuz synag ulag-üstaşyr kerwenleriniň ýola goýulmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işiniň kämilleşdirilmegi we ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy baradaky maslahatlara garaldy.