Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i11024-türkmenistanyň_prezidenti_iş_maslahatyny_geçirdi
Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 04, 2021 10:11 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda  sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazky bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nahallary oturtmak hem-de pile öndürmek boýunça meseleleri netijeli çözmek babatda degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy hem-de düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak,  ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi. Prezident  hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň barşyny, daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

  Prezident gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça görkezmeleri berdi.

Şeýlede ol ýurtda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň, şu maksat bilen welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýan gowaça ekişiniň gidişi barada hasabat berdi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, gowaça ekişiniň geçirilişi hem-de bu möhüm işde tehnikalaryň ulanylyşy barada hasabat berdi. Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän işler, gowaça ekişiniň barşy hem-de bu möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ulanylyşy, ekiş möwsümine gatnaşýanlaryň sazlaşykly zähmet çekmegi üçin döredilen şertler barada hasabat berdi. Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ekişiniň barşy we bu jogapkärli möwsümde ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary doly kuwwatynda ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň prezidenti ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidir diýip, öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

  Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.