Türkmeniň Daşary işler ministri Owganystanyň Hyrat welaýatyna bardy
Jun 05, 2021 16:27 Asia/Ashgabat
Türkmenistanyň Daşary işler ministri owgan we türkmen daşary işler ministrlikleriniň bilelikdäki ýygnagyna gatnaşmak üçin Owganystanyň Hyrat şäherine bardy.
Owgan Ses Gullugynyň (AVA) habaryna görä, Owganystanyň Daşary işler ministrligi şenbe güni iki tarapyň infrastruktura taslamalary, sebit aragatnaşygy we energiýa geçirijisi, şol sanda TAPI, TAP taslamasy we Aşgabat-Kabul gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňelmegi barada pikir alyşandygyny habar berdi.
Habara görä, ýygnak şu gün (şenbe) Owganystanyň Hyrat şäherinde geçiriler.