Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar giňeldilýär
Jun 08, 2021 12:21 Asia/Ashgabat
Türkmenistanyň we Serbiýanyň Daşary işler ministrleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklandyrýan ugurlarda giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Mardow we Serbiýanyň Daşary işler ministri Nikolaý Slakowiç wideo konferensiýasynda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we gumanitar ugurlarda has ýakyn hyzmatdaşlyk edilmegini aýtdylar.
Bu gepleşikde taraplar Söwda, dokma senagaty, himiýa, gaz we bilim pudaklary ýaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ünsi jemlediler.