Türkmenistanyň daşary işler ministri, gyrgyz, türk we gazak kärdeşleri bilen geçiren söhbetdeşlikleri
Şu gün, 2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Şöhbetdeşligiň dowamynda taraplar golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini belläp geçdiler.
Ministrler döwlet baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda pikirleri alyşdylar we syýasy-diplomatik ugur, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi hem nygtaldy.
Taraplar özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny şeýle-de taraplaryň ikisiniň hem ýokary derejede gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
şu gün
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi.
Taraplar Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň tabşyryklaryna laýyklykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana boljak saparyna görülýän taýýarlyga aýratyn üns berildi.
Ministrler daşary syýasy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Şeýle hem taraplar halkara formatlardaky hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygynyň ähmiýetini bellediler.
2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşigiň barşynda taraplar türkmen-gazak gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli we ynamly syýasy gepleşigiň ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary taraplaryň ýokary derejede gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri gazak kärdeşini hünär baýramy — Gazagystan Respublikasynyň diplomatik gullugynyň güni bilen gutlady.