Türkmenistanyň prezidenti Raisini EKO sammitine çagyrdy
Türkmenistanyň prezidenti, Eýranyň saýlanan prezidentini Hazar kenarýaka döwletleriniň sammitine we EKO sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine çagyrdy.
"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow sişenbe güni Eýranyň saýlanan prezidenti Seýed Ybraýym Raisini Hazar kenar ýakasyndaky döwletleriň altynjy sammitine we EKO sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Raisi hem, Musulmanlaryň uly baýramy hökmünde Gurban baýramyny we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlap: Goňşular bilen gatnaşyklary giňeltmek, on üçünji döwletiň daşary syýasatynyň ilkinji meselesidir diýdi.
Eýranyň saýlanan prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana bolan garaýşynyň diňe bir goňşy ýurt däl-de, eýsem iki ýurduň gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklerine yşarat edip: Gatnaşyklaryň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin amaly gepleşikler gysga wagtda başlanmalydyr diýdi.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň dowam etmegine we pugtalandyrylmagyna ünsi çeken Raisi: Owganystandaky özgerişler iki ýurt üçin gaty möhümdir we iki ýurduň resmileri bu meselede zerur gepleşikleri we geňeşmeleri geçirmelidirler diýip yglan etdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň prezidenti Gurban baýramyny gutlady we Eýranyň prezidentine uly üstünlikler arzuw etdi we şeýle diýdi: Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurdy çuňňur baglanyşdyrýan çuňňur taryhy we medeni köklere eýedir.
Berdymuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deňlik, birek-birege hormat goýmak we özara gyzyklanma ýörelgeleri esasynda ösdürilendigini aýtmak bilen Iki ýurduň halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygy we özara gatnaşygy hem ýokary derejededir diýdi.