Türkmenistan Türkiýedäki betbagtçylyklarda ejir çekenlere ynsanperwer kömekleri iberýär
Türkmenistan Türkiýede zyýan çeken welaýatlara we sebitlere ynsanperwer kömekleri iberýär.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligine beren buýrugy bilen Türkiýedäki suw joşmalarynda ejir çekenlere köp mukdarda derman we beýleki lukmançylyk enjamlary berilýär.
Buýrukda Döwlet departamentiniň bu ýüki ibermekde zerur hyzmatdaşlygy we kömek bermekligi aýdylýar.
Iýul aýynyň ahyrynda Türkiýäniň tokaý ýerlerinde giňden ýangyn boldy 12-nji awgustda bolsa Türkiýäniň Oba hojalygy we tokaý ministri Bakr Pakdemirli ähli ýangyna gözegçilik edilendigini aýtdy.
Şeýle-de soňky günlerde Gara deňiziň kenarýaka welaýatlarynda güýçli ýagyş bu sebitlerde suw joşmalaryna sebäp boldy we köp adamyň ölmegine we maliýe zyýanlara baryp çatdy.