"Talyban" Türkmenistan serhetleriniň howpsuzlygy barada karar berdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz ýolbaşçylarynyň Owganystandaky wagtlaýyn Talyban hökümetiniň ýolbaşçylary bilen ýurduň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek barada ylalaşyk gazandyklaryny habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmen Ministrler Kabinetiniň orunbasary we Daşary işler ministriniň Owganystana eden saparyna salgylanyp, Saparyň dowamynda "Talybanyň" wagtlaýyn hökümeti Türkmenistan serhetleriniň howpsuzlygyny, hemde bilelikdäki ykdysady taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi wada berdi diýip yglan etdi.
Türkmen resmileriniň Owganystana eden sapary wagtynda Türkmeniň Daşary işler ministri Reşid Meredow we Owganystanyň Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetiriji Muhammet yakup Mujahid hem howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.