Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15074-orsýet_bilen_türkmenistanyň_arasyndaky_söwda_dolanyşygy
Türkmen Ykdysadyýetçiler Bileleşiginiň başlygy bu ýurduň Orsýet bilen söwda dolanyşygyny 1 milliard dollar diýip yglan etdi.
(last modified 2022-01-02T07:53:21+00:00 )
Jan 02, 2022 12:53 Asia/Ashgabat
  • Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy

Türkmen Ykdysadyýetçiler Bileleşiginiň başlygy bu ýurduň Orsýet bilen söwda dolanyşygyny 1 milliard dollar diýip yglan etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmen Ykdysadyýetçiler Bileleşiginiň başlygy "Yuri Aronsky" ýekşenbe güni Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigini aýtmak bilen bu gatnaşyklaryň sebitdäki ýurtlaryň bähbidinedigini aýtdy.

Yuri Aronsky şeýle-de dokma önümleri, gurluşyk materiallary, miweler we gök önümler Türkmenistandan Orsýete eksport edilýär diýdi.

Bu ykdysatçy rus guramalarynyň Türkmenistanyň bazarlaryna gatnaşmagy barada gürrüň gozgap, Wozrohdenie kompaniýasy Türkmenistanyň ýol ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin 12 ýyl bäri uly taslamalary amala aşyrýar diýdi.