Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy
Türkmen Ykdysadyýetçiler Bileleşiginiň başlygy bu ýurduň Orsýet bilen söwda dolanyşygyny 1 milliard dollar diýip yglan etdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmen Ykdysadyýetçiler Bileleşiginiň başlygy "Yuri Aronsky" ýekşenbe güni Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigini aýtmak bilen bu gatnaşyklaryň sebitdäki ýurtlaryň bähbidinedigini aýtdy.
Yuri Aronsky şeýle-de dokma önümleri, gurluşyk materiallary, miweler we gök önümler Türkmenistandan Orsýete eksport edilýär diýdi.
Bu ykdysatçy rus guramalarynyň Türkmenistanyň bazarlaryna gatnaşmagy barada gürrüň gozgap, Wozrohdenie kompaniýasy Türkmenistanyň ýol ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin 12 ýyl bäri uly taslamalary amala aşyrýar diýdi.