Raisi: Hyzmatdaşlygy ösdürmek Tähran bilen Aşgabadyň gün tertibinde
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ykdysady, söwda we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek Tähran bilen Aşgabadyň gün tertibindedir diýdi.
Seýid Ybraýym Raisi ýekşenbe güni Tähranda Türkmeniň prezidentiniň ýörite wekili Serdar Berdimuhamedow we Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Mardow bilen geçiren duşuşygynda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyk we iki tarapyň arasyndaky telefon jaňlary iki ýurduň aragatnaşyklaryny ösdürmekde täze sepgitdir diýmek bilen Bu gepleşiklerde degişli kararlar kabul etmek bilen hyzmatdaşlygyň ösmeginde, şol sanda transport we energiýa pudagynda bar bolan päsgelçilikler aýryldy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin esas döredildi diýdi.
Eýran bilen Türkmenistan diňe bir goňşy ýurt däl, eýsem biri-biri bilen hem baglanyşyklydyr we iki ýurduň arasynda kök uran we çuňňur medeni we taryhy gatnaşyklar bardyr diýip Eýranyň prezidenti sözüne goşdy.
Duşuşyda Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite wekili Serdar Berdimuhamedow hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatyny gowşurandan soň Eýran hökümetiniň soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek ugrundaky tagallalaryna gadyrdanlyk bildirdi we Dürli ugurlarda, esasanam gaz, transport, ykdysadyýet, söwda we medeni meseleler boýunça Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarymyzyň derejesini ýokarlandyrmagy makul bilýäris diýip yglan etdi.
"Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarda täze taryhy sahypa açmaga synanyşýar we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, esasanam serhet terminallarynda söwdany we üstaşyr geçmegi ýokarlandyrmak we ösdürmek üçin köp sanly teklip taýýarlandy we bu teklipere Türkmenistanyň prezidentiniň Eýrana saparynda gol çekiler we amala aşyrlar diýip yglan etdi.