Aşgabatda "Eýran film günleri" geçirilýär
Feb 05, 2022 09:45 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni geňeşçisi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Eýran filmleriniň görkezilişini yglan etdi.
IRNA-nyň anna güni beren habaryna görä, "Eýranyň film günleri" atly medeni çäre, 3-nji fewralda, Eýranyň ilçihanasynyň medeni geňeş zalynda pars talyplarynyň, mugallymlaryň we Eýran filmlerini halaýan türkmenleriň gatnaşmagy bilen başlandy.
Eýranyň Aşgabatdaky medeni geňeşçisi "Nawid Rasouli", tomaşaçylar tarapyndan garşylanan Eýranyň Kino günleri çäresiniň açylyş dabarasynda şeýle diýdi: "Eýran kinosynyň taryhy 121 ýyl ozal başlaýar we ilkinji Eýran filmi 91 ýyl mundan ozal surata düşürildi."