Türkmenistan, ýurduň ykdysadyýetinde Amerikaly telekeçileriň barlygyny garşy aldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15810-türkmenistan_ýurduň_ykdysadyýetinde_amerikaly_telekeçileriň_barlygyny_garşy_aldy
Türkmenistanyň prezidenti, bu ýurduň ykdysadyýetinde Amerikan telekeçileriniň huzurly bolmaklaryny garşy aldy.
(last modified 2022-02-27T11:54:34+00:00 )
Feb 27, 2022 16:54 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan, ýurduň ykdysadyýetinde Amerikaly telekeçileriň barlygyny garşy aldy

Türkmenistanyň prezidenti, bu ýurduň ykdysadyýetinde Amerikan telekeçileriniň huzurly bolmaklaryny garşy aldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Türkmenistan-ABŞ Söwda Geňeşi 2008-nji ýylda döredildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow ýekşenbe güni Türkmenistan-ABŞ Söwda Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Aşgabadyň Türkmen bazaryndaky Waşington işewür toparlarynyň bähbitlerini goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti sözleriniň dowamynda şeýle-de, nebit-gaz pudagynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa, himiýa we azyk senagaty, transport we daşky gurşaw ugurlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin köp mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.