Merkezi Aziýada tranzit hyzmatdaşlygy giňelýar
Türkmenistanyň Gazagystandan geçen ilkinji konteýner otlusynyň işe girizilmegi bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky tranzit gatnaşyklary pugtalandyrylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň ilkinji konteýner otlusy Gazagystandan üstünlikli geçip, Hytaýa baryp ýetdi. 42 konteýnerli otly Türkmenistanyň Ak Ýaýla bekedinden ýola çykyp, Gazagystanyň üsti bilen 4150 km geçenden soň serhetden Hytaýa geçdi.
Hasabata görä, Gazagystanda bu otly Sarhtyaka-Bulaşak we Altinkul-Horgos geçelgelerinden geçendir.
Bu taslama, Türkmenistanyň demir ýol kompaniýasy, we bu ýurduň ulag we logistika merkezi we Gazak Express paýdarlar jemgyýeti we Hytaý bilen bilelikde durmuşa geçirildi. Täze ýerüsti baglanyşyklar, türkmenistan bilen Gazagystanyň demir ýollarynyň arasynda hyzmatdaşlyga has köp mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.
Şeýle hem, gelejekde ýük akymynyň mukdarynyň artmagyna garaşylýar.
Gazagystanyň "Gazak Express" kompaniýasynyň başlygy "Norlan Igimbaýew" bu mesele barada beren gürrüňlerinde Konteýner otlusy tertip düzgünli we yzygiderli işlär diýdi.
Konteýner liniýasy Demirgazyk-Günorta halkara transport koridorynyň bir bölümi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň işlemegi netijesinde işe girizildi.