Türkmenistanyň prezidentiniň oba hojalygyny özgertmek baradaky buýrugy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16352-türkmenistanyň_prezidentiniň_oba_hojalygyny_özgertmek_baradaky_buýrugy
Türkmenistanyň prezidenti oba hojalygyndaky özgertmeleri amala aşyrmagy we ýurtda netijeli dolandyryş usullaryny ornaşdyrmagy buýurdy.
(last modified 2022-04-08T05:11:01+00:00 )
Apr 08, 2022 10:11 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň prezidentiniň oba hojalygyny özgertmek baradaky buýrugy

Türkmenistanyň prezidenti oba hojalygyndaky özgertmeleri amala aşyrmagy we ýurtda netijeli dolandyryş usullaryny ornaşdyrmagy buýurdy.

Fars habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, wirtual görnüşinde hökümet ýygnagynda Türkmenistanyň prezidenti "Serdar Berdymuhamedow" oba hojalygy babatynda giňişleýin çäreleriň we söwda başlangyçlaryna doly goldawyň zerurdygyny aýtdy.

Serdar Berdymuhamedow  şeýle-de Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny we eksport potensialyny we daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümlerini içerki önümler bilen yzygiderli çalyşmagy güýçlendirmeklige kömek etmelidigini aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan azyk galyndylaryny azaltmak, balyk hojalygyny we suw hojalygyny dolandyrmagy gowulandyrmak we patogen kömeleklere bugdaý garşylygyny ýokarlandyrmak üçin birnäçe taslamany resmi taýdan tassyklady we hökümet we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) derejesinde taslamalara gol çekdi.