IRNA bilen Türkmenistanyň habar gullugynyň arasynda özara düşünişmek Memorandumy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17392-irna_bilen_türkmenistanyň_habar_gullugynyň_arasynda_özara_düşünişmek_memorandumy
Yslam respublikasy habar gullugy we Türkmenistanyň habar gullugy (TDH) professional hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler.
(last modified 2022-06-15T10:26:43+00:00 )
Jun 15, 2022 15:26 Asia/Ashgabat
  • IRNA bilen Türkmenistanyň habar gullugynyň arasynda özara düşünişmek Memorandumy

Yslam respublikasy habar gullugy we Türkmenistanyň habar gullugy (TDH) professional hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler.

IRNA-nyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidentiniň Eýrana edýän saparynyň çäginde IRNA-nyň baş direktory Ali Naderi we TDH-nyň baş direktory Kazakbaýew Mardan Amajanowiç habarlary, suratlary we wideolary paýlaşmak üçin hem-de iki habar gullugynyň habarlaryny Eýranda we Türkmenistanda ygtybarly we ilkinji çeşme hökmünde ulanmak barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.

Bu düşünişmek memorandumynyň bir bölegi hökmünde iki tarap öz güýçleriniň we mümkinçilikleriniň çäginde we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanyp öz ýurtlarynda we daşary ýurtlarda birek-biregi goldamak barada ylalaşdylar.