Raisi: Eýran-Türkmenistan gatnaşyklary çalt ösýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17570-raisi_eýran_türkmenistan_gatnaşyklary_çalt_ösýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Assambleýasynyň Halk Maksatnamasy Geňeşiniň başlygy bilen bolan duşuşygynda Eýran-Türkmenistan gatnaşyklarynyň giň hyzmatdaşlygyň we özara ynamyň esasynda çalt ösýändigini aýtdy.
(last modified 2022-06-29T06:32:12+00:00 )
Jun 29, 2022 11:32 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran-Türkmenistan gatnaşyklary çalt ösýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Assambleýasynyň Halk Maksatnamasy Geňeşiniň başlygy bilen bolan duşuşygynda Eýran-Türkmenistan gatnaşyklarynyň giň hyzmatdaşlygyň we özara ynamyň esasynda çalt ösýändigini aýtdy.

Hazar kenarýaka döwletleriniň altynjy sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanda bolan Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (çarşenbe) gün tertibiniň birinji bölüminde Türkmenistanyň Milli Assambleýasynyň Halk Maksatnamasy Geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdymuhamedow bilen duşuşdy.

Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä, prezident Raisi bu duşuşykda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyň otuzynjy ýylyna yşarat edip soňky ýyllarda Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe giňelendir diýdi.

Raisi şeýle-de iki ýurduň biri-biri bilen hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak bilen daşary syýasatda 13-nji döwletiň goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ýörite programmasy bar we bu ugurda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar giň hyzmatdaşlygyň we özara ynamyň esasynda çalt ösýär diýip beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Assambleýasynyň Halk Maksatnamasy Geňeşiniň başlygy hem Eýran hökümetiniň soňky birnäçe aýyň içinde bu ýurt bilen gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha bermek bilen iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak we gowulaşdyrmak üçin amatly şert döreden syýasy, ykdysady, söwda we medeni ugurlarda köp umumylyklaryň we mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Assambleýasynyň Halk Maksatnamasy Geňeşiniň başlygy şeýle-de Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarda täze sahypa açmaga synanyşýar diýdi.