Türkmenistan Aziýa Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i18124-türkmenistan_aziýa_Ösüş_banky_bilen_hyzmatdaşlygyny_giňeltýär
Türkmenistanyň Maliýe ministri we Aziýa Ösüş Bankynyň täze müdiri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artmagyna ünsi çekdiler.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Aug 02, 2022 14:18 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Aziýa Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltýär

Türkmenistanyň Maliýe ministri we Aziýa Ösüş Bankynyň täze müdiri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artmagyna ünsi çekdiler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammet Geldi Serdarow şu gün Aşgabatda Aziýa Ösüş Bankynyň täze müdiri Nartor Andresiak bilen duşuşdy.

Taraplar bu duşuşykda Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň arasynda strategiýany we hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmak bilen, maliýe we bank pudaklarynda, maýa goýumy we hususy pudagy goldamak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdylar.