Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Gazagystan Respublikasyna iş sapary
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i18604-türkmenistanyň_daşary_işler_ministriniň_orunbasary_gazagystan_respublikasyna_iş_sapary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew Gazagystan Respublikasyna iş saparda bolýar.
(last modified 2022-09-03T23:50:09+00:00 )
Sep 04, 2022 04:50 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Gazagystan Respublikasyna iş sapary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew Gazagystan Respublikasyna iş saparda bolýar.

2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda DIM-niň binasynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.B.Konuspaýew bilen türkmen wekilýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-hem pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda BMG, GDA, EKO, YHG we beýlekiler bilen oňyn tejribe bellenildi.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurlygy beýan edildi, şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler baradaky 2021-2023-nji döwür üçin Maksatnama laýyklykda öz wagtynda geçirilmegini öz içine alýar.

Şeýle hem, diplomatlar ylmy we bilim pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek, hem-de saglygy goraýyş we derman senagatynda hyzmatdaşygy ara alyp maslahatlaşdylar.