Türkmenistanyň prezidentiniň Pakistana ynsanperwerlik kömekleri baradaky buýrugy
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de goňşyçylyk däplerine esaslanyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, dokma önümlerini, şeýle hem dürli azyk harytlaryny ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi.
Şeýle hem, resminamada Daşary işler ministrligine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.