Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada Ylalaşyga gol çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i1971-türkmenistan_owganystan_pakistan_elektrik_geçirijisi_barada_ylalaşyga_gol_çekildi
TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 23, 2018 19:33 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada Ylalaşyga gol çekildi

TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada hökümetara Ylalaşygyna hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisinniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň baş şertlerine gol çekildi.