Türkmenistanyň prezidentiniň pakistanly kärdeşine gynanç haty
Türkmenistanyň prezidenti öz ýüzlenmesinde pakistanyň prezidentine we premýer-ministrine terrorçylykly hüjümde köp sanly pakistanlynyň ölümine gynanç bildirdi.
Geçen duşenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber Pahtunhwa welaýatynyň merkezi Peşawarda metjitde günortan namazy wagtynda ýüze çykyan terrorçylykly partlamada 100-den gowrak adam ölüp, 225 adam ýaralandy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, şu gün (penşenbe) Türkmenistanyň prezidenti "Serdar BerdiMuhamedow" Pakistanyň prezidenti "Arif Alawi" we premýer-ministr "Şehbaz Şerif" -e gynanç hatynda: Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň ýüze çykmagyna berk garşy çykýar we halkara jemgyýetçiliginiň bu ýamanlyga garşy göreş we ýok etmek tagallalaryny doly goldaýar diýip yglan etdi.
Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan ölenleriň maşgalalaryna we dostlaryna gynanç bildirdi we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi.