Aşgabatda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21002-aşgabatda_türkmenistanyň_we_gruziýanyň_daşary_syýasat_edaralarynyň_arasynda_geňeşmeler_geçirildi
2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.
(last modified 2023-03-18T00:59:00+00:00 )
Mar 18, 2023 05:59 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda hereket edýän we öz güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, şeýle hem iki ýurduň garamagyndaky resminamalaryň taslamalarynyň sanawyna seredildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini kesgitlediler we onuň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmegi ylalaşdylar.