Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21222-dünýägözel_gulmanowa_türkmenistanyň_mejlisiniň_başlygy_wezipesine_saýlanyldy
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi.
(last modified 2023-04-07T04:21:44+00:00 )
Apr 07, 2023 09:21 Asia/Ashgabat
  •  Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy. Şeýle-de deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 5-nji «Parahatçylyk» saýlaw okrugynyň deputaty Dünýägözel Gulmanowa teklip edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu gün geçirilen birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Kanuna gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu gün geçirilen birinji maslahatynyň barşynda açyk ses bermegiň netijeleri boýunça Gahryman Öwlýakulyýewiç Rozyýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana hem gol çekdi.