Emomali Rahmon Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny ýollady
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21270-emomali_rahmon_gurbanguly_berdimuhamedowa_gynanç_hatyny_ýollady
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
(last modified 2023-04-09T09:14:02+00:00 )
Apr 09, 2023 14:14 Asia/Ashgabat
  • Emomali Rahmon Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny ýollady

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Şeýle-de şu gün Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny telefon arkaly hem beýan etdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk hem ýakyn goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň enesi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny ýollady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç haty iberdi.