Türkmenistan ikinji «ÝB — Merkezi Aziýa» ykdysady forumyna gatnaşar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21316-türkmenistan_ikinji_Ýb_merkezi_aziýa_ykdysady_forumyna_gatnaşar
Ikinji ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler. Foruma Türkmenistanyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
(last modified 2023-04-15T05:34:01+00:00 )
Apr 15, 2023 10:34 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan ikinji «ÝB — Merkezi Aziýa» ykdysady forumyna gatnaşar

Ikinji ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler. Foruma Türkmenistanyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň maksady «ÝB — Merkezi Aziýa» formatyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy üç sany esasy ileri tutulýan ugurda — ýaşyl we sanly özgertmeler, işewürlik gurşawyny gowulandyrmak, söwda integrasiýasyny ösdürmekden babatda tagallalary işjeňleşdirmekden ybarat.

Foruma ýokary derejeli Hökümet agzalary, Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, halkara maliýe guramalarynyň, abraýly hususy korporasiýalaryň wekilleri gatnaşarlar. Bu çäre Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralar.

Mundan başga-da, 18-nji maýda hususy pudagyň wekilleri bilen pikir alyşmak hem-de ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen işewürlik çäresi geçiriler.