Ženewada SPEKA gatnaşyjy döwletleriň ministrleri derejesende duşuşygy geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21366-Ženewada_speka_gatnaşyjy_döwletleriň_ministrleri_derejesende_duşuşygy_geçirildi
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ženewada BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň mejlisine gatnaşdy.
(last modified 2023-04-18T07:27:55+00:00 )
Apr 18, 2023 12:27 Asia/Ashgabat
  • Ženewada SPEKA gatnaşyjy döwletleriň ministrleri derejesende duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ženewada BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit komissiýalarynyň – BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) ýolbaşçylary, BMG agza döwletleriň hemişelik wekilleri, ýöriteleşdirilen edaralaryň, halkara we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň möhümdigini bellemek bilen, Ýörite maksatnamanyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurdaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini nygtadylar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77 ýa-da 78-nji mejlisiniň çäklerinde SPEKA-nyň 25-ýyllygy mynasybetli ýörite kararnamanyň işlenip taýýarlanmagy boýunça başlangyç goldanyldy.

Taraplar netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň işine önjeýli gatnaşmaga taýýardyklaryny bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu formatdaky işleri yzygiderli esasda alyp barmak barada ylalaşdylar.