Raşid Meredow Waşingtonda Entoni Blinken bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21454-raşid_meredow_waşingtonda_entoni_blinken_bilen_duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.
(last modified 2023-04-25T07:30:24+00:00 )
Apr 25, 2023 12:30 Asia/Ashgabat
  • Raşid Meredow Waşingtonda Entoni Blinken bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Blinken Raşid Meredow bilen mundan bary-ýogy iki aý ozal Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň Astanada geçirilen C5+1 görnüşindäki ministrler ýygnagynda duşuşandyklaryny, häzir bolsa ýurtlaryň arasyndaky gepleşikleri ikitaraplaýyn esasda dowam etmäge mümkinçiligiň bardygyny aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň territorial bitewüligini, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny berk goldaýandygyny, şeýle hem howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri çözmekde, ykdysady, bilim gatnaşyklaryny we adam hukuklary işjeňligini güýçlendirmekde bilelikde alnyp barylýan işleri giňelýändigini belledi.

Raşid Meredow Entoni Blinkene türkmen wekiliýetini çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we häzirki saparyň çäklerinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda Döwlet departamentinden bolan kärdeşleri bilen Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysadyýet, kanunçylyk, energetika ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga degişli köp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şeýle hem bu saparyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigini nygtady.

Duşuşykda diplomatlar medeni, bilim we hukuk hyzmatdaşlygy barada-da pikir alyşdylar. Şeýle hem, owgan aýal-gyzlarynyň hukuklaryny giňeltmek we goramak ugrundaky tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olar sebitleýin ösüş, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.