Aşgabadyň himiki önümleriň eksportyny artdyrmaga synanyşýar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21526-aşgabadyň_himiki_önümleriň_eksportyny_artdyrmaga_synanyşýar
Türkmenistanyň himiýa önümleriniň eksport mukdary daşary ýurtlarda artýar.
(last modified 2023-05-02T00:37:38+00:00 )
May 02, 2023 05:37 Asia/Ashgabat
  • Aşgabadyň himiki önümleriň eksportyny artdyrmaga synanyşýar

Türkmenistanyň himiýa önümleriniň eksport mukdary daşary ýurtlarda artýar.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti "Serdar Berdimuhamedow" bu ýurduň himiki önümleriniň eksportynyň mukdaryny köpeltmegi talap etdi.

Turkmenurduň sosial we ykdysady ösüş ýygnagynda Türkmenistanyň prezidenti döwlet eýeçiligindäki "Turkmen Himiýa" kompaniýasynyň zawodlarynyň we önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga ünsi çekdi we içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmakdan başga-da, bu himiki önümleri daşary ýurda eksport etmek mümkinçiligini artdyrar diýdi.

"Serdar Berdimohamedow", şeýle hem, elektrik pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi we elektrik pudagynyň ösüşiniň ykdysady we sosial ösüşe, şeýle hem bu ýurduň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýändigini aýtdy. .