Türkmenistanyň Prezidenti Londonda Patyşanyň we Şazenanyň täç geýmek dabarasyna gatnaşdy
Britaniýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn — saparynyň ikinji gününde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de onuň Şazenan maşgalasynyň täç geýmek dabarasyna gatnaşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow dabaranyň çäklerinde geçirilen resmi kabul edişlik çäresine hem gatnaşdy.
Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýar.
Däp bolşy ýaly, täç geýdirmek dabarasynyň Westminster abbatlygynda geçirilýändigini bellemek gerek. Britaniýa Ýewropada öz patyşalaryna täç geýdirýän ýeke-täk ýurtdur.
Täç geýmek dabarasynda Patyşa häkimiýetiniň nyşanlaryna aýratyn orun degişlidir. Olaryň her biri Patyşanyň eýeleýän ornunyň we onuň borçlarynyň aýratyn ugurlaryny alamatlandyrýar.