Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününe bagyşlanyp Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21610-türkmenistanyň_prezidenti_Ýeňiş_gününe_bagyşlanyp_moskwada_geçirilen_dabaralara_gatnaşdy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
(last modified 2023-05-09T08:07:34+00:00 )
May 09, 2023 13:07 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününe bagyşlanyp Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilýän bu gezekki dabaralara gatnaşmagy häzirki nesliň hakydalarynda baky saklanan edermen-azat edijileriň umumy edermenligine çuňňur hormatyň nyşany bolup durýar.