Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Kobe şäher häkimliginde Arkadag şäherini tanyşdyrdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanasy Kobe şäherinde täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow şäheriň häkimi Kizo Hisamoto bilen duşuşdy.
Duşuşykda türkmen diplomaty Kobe şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheriniň gurluşygy we aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Ol täze «akylly» şäheriň ösen tehnologiýalary we daşky gurşaw bilen bagly halkara standartlary özünde jemleýändigini belläp geçdi.
Şol gün Baýramow Kobe uniwersitetiniň prezidenti Fujisawa Masato bilen hem gepleşik geçirdi. Taraplar medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda ylym, bilim we medeniýet pudagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.