Duşenbedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň jemleri boýunça 23 resminama gol çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21654-duşenbedäki_türkmen_täjik_gepleşikleriniň_jemleri_boýunça_23_resminama_gol_çekildi
Şu gün Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi we ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalara gol çekildi.
(last modified 2023-05-10T10:01:28+00:00 )
May 10, 2023 15:01 Asia/Ashgabat
  • Duşenbedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň jemleri boýunça 23 resminama gol çekildi

Şu gün Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi we ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalara gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Soňra iki ýurduň degişli wekilleri 23 resminama gol çekdiler.

Resminamalara gol çekişlik dabarasyndan soň döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti dogrusynda žurnalistler üçin metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.