Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21656-serdar_berdimuhamedow_täjik_halkynyň_milli_gahrymanynyň_ýadygärligine_gül_goýdy
Şu gün Täjigistanda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.
(last modified 2023-05-10T10:35:47+00:00 )
May 10, 2023 15:35 Asia/Ashgabat
  • Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy

Şu gün Täjigistanda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.

«Dusti» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Serdar Berdimuhamedow Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samany döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady.