«Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammiti ýokary derejede geçirildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Şu gün Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammiti ýokary derejede, üstünlikli geçirildi. Onuň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çuň many-mazmunly çykyş edip, birnäçe oňyn teklipleri öňe sürdi.
Sammitiň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.