Türkmenistanyň dürli transport ugurlarynda Eýran bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21912-türkmenistanyň_dürli_transport_ugurlarynda_eýran_bilen_hyzmatdaşlygy_güýçlendirmek_islegi
Türkmenistanyň Transport we aragatnaşyk gullugynyň başlygy Mamethan Çakiýew, Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüş ministri Mehrdad Bazarpaş bilen duşuşygynda Eýran bilen dürli transport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen iki ýurduň arasynda transport gatnaşyklary gaty köp we kuwwatyny häzirki kuwwatyndan 3 tas 4 esse artdyrmak mümkinçiligi bardygyny nygtady.
(last modified 2023-05-31T03:58:31+00:00 )
May 31, 2023 08:58 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň dürli transport ugurlarynda Eýran bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegi

Türkmenistanyň Transport we aragatnaşyk gullugynyň başlygy Mamethan Çakiýew, Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüş ministri Mehrdad Bazarpaş bilen duşuşygynda Eýran bilen dürli transport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen iki ýurduň arasynda transport gatnaşyklary gaty köp we kuwwatyny häzirki kuwwatyndan 3 tas 4 esse artdyrmak mümkinçiligi bardygyny nygtady.

IRNA-nyň habaryna görä, "Mamethan Çakiýew" bu ýygnakda Demirgazyk-Günorta Koridor zynjyrynyň tamamlanmagy bilen bu ýurduň barlygynyň güýçlenjekdigini yglan edip, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda serhet bazarlarynyň dörediljekdigini mälim etdi.

Ol şeýle-de Eýranyň Inçe Brun-dan Türkmenistana barýan ýolunyň tamamlanmagyny nygtap Türkmenistan, ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki ykdysady komissiýada Eýran bilen Türkmenistanyň demir ýol, ýol, deňiz we howa pudaklarynda transport gatnaşyklarynyň ösmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri gozgamaga we iki tarapyň arasyndaky transport hyzmatdaşlygynda bar bolan päsgelçilikleri çözmäge taýyndygyny aýtdy.

Çakiýew şeýle hem Eýranyň söwda gämileriniň we Eýran bilen Türkmenistanyň iki ýurdunyň arasynda, esasanam demirgazyk portlary bilen ýük alyş-çalşygyny ýeňilleşdirmek meýilnamada, biz bu gatnaşyklary berkitmäge synanyşýarys diýip beýan etdi.

Ol şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda giňişleýin transport resminamasynyň taýýarlanmagyny möhüm hasaplamak bilen ýakyn wagtda geçiriljek iki ýurduň Ykdysady Komissiýasynda demirýol, howa, port we ýol kuwwatynyň artdyrylmagy gün tertibindedir diýdi.