TOPH taslamasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşyk boldy
Pakistan we Türkmenistan TOPH gaz geçirijisini bilelikde durmuşa geçirmek we bu taslamany tizleşdirmek barada şertnama baglaşdy.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Pakistanyň nebit ministri Mossadeg Malik we Türkmenistanyň Döwlet ministri we Türkmen gaz kompaniýasynyň başlygy Maksat Babaýew TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak maksady bilen Bilelikdäki durmuşa geçiriş meýilnamasy atly şertnama gol çekdiler.
Bu şertnama esasynda iki tarap TOPH taslamasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak we onuň işine gözegçilik etmek üçin utgaşdyryjy komitetiň döredilmegine garadylar.
Şeýle hem Päkistan hökümeti Türkmenistany Çaman serhedinden (Owganystan bilen) Gwadar portuna baglanyşygyny we Gwadarda LNG terminallarynyň gurulmagyny şeýlelik bilen Ýewropa we dünýä bazarlaryna gaz eksporty ýeňilleşdirmek meselä hem garamagyny isledi.
Pakistanyň premýer-ministri öz beýanynda bilelikdäki durmuşa geçiriş meýilnamasyna gol çekilmegini TOPH taslamasynyň tamamlanmagy üçin möhüm ädim hasaplady we bu taslamanyň Pakistanyň we sebitiň energiýa howpsuzlygyny has-da güýçlendirmek üçin zerurdygyny aýtdy.
TOPH Taslamany başlamak baradaky şertnama 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde Türkmenistan, Owganystan, Päkistan we Hindistan ýurtlarynyň arasynda gol çekildi, ýöne howpsuzlyk meseleleri sebäpli gurluşyk işleri dowam etmedi.