Serdar Berdimuhamedow Putini we Mişustini Russiýanyň güni bilen gutlady
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i22040-serdar_berdimuhamedow_putini_we_mişustini_russiýanyň_güni_bilen_gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine we ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
(last modified 2023-06-12T04:34:22+00:00 )
Jun 12, 2023 09:34 Asia/Ashgabat
  • Serdar Berdimuhamedow Putini we Mişustini Russiýanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine we ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

— Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar mizemez dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Häzirki wagtda däbe öwrülen döwletara dialog giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Hökümet derejesinde netijeli dialog saklanýar, bu bolsa, öz gezeginde, öňde goýlan maksatlara wagtynda ýetmäge ýardam berýär — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda iki ýurduň hem halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Prezident Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko we ýurduň ähli dostlukly halkyna uly döwlet baýramy — Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.