4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler
Aug 03, 2023 10:14 Asia/Ashgabat
4-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşinde üç taraplaýyn sammit geçiriler. Duşuşyga Prezidentler Serdar Berdimuhamedow, Emomali Rahmon we Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.
Türkmen paýtagty ýetip gelýän çärä ýokary derejede taýýarlanýar. Häzirki wagtda şäherde resmi ýazgylardyr bildirişler ýerleşdirildi. Şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri we binalary bezemek, myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Üç taraplaýyn sammitiň öňüsyrasynda ýokary derejeli duşuşykda gol çekilmeli resminamalaryň üstünde işler alnyp barylýar.